SEÝREK FOTOSURATLARYŇ GÖZLEGINDE

SEÝREK FOTOSURATLARYŇ GÖZLEGINDE

Ussat kyssaçy ýazyjylar, adatça, öz eserleriniň gahrymanlarynyň, ilkinji nobatda bolsa, baş gahrymanlarynyň daş keşplerini söz bilen çeper beýan edip, olary aýdyň duýarlykly şekilde okyjylaryň göz öňünde janlanar ýaly derejä ýetirmegi başarýarlar. Taryhy şahsyýetler we olaryň halkyň öňünde bitiren hyzmatlary hakynda ylmy-derňew işini alyp barýan alymlar, ýazyjylardan tapawutlylykda, şeýle mümkinçilikden peýdalanmaýarlar, olar öz “gahrymanlaryna” bagyşlan ylmy kitaplarynda (monografiýalarynda) we ylmy makalalarynda, köplenç, olaryň fotosuratlaryny getirýärler. Mysal üçin, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Tagangeldi Täçmyradowyň “Muhammet Geldiýewiň ömri we döredijiligi” atly kitapçasynyň (- Aşgabat: “Ylym”, 1989.) başynda bu meşhur dilçiniň tutuş bir sahypany tutup duran fotosuraty berlipdir.