
ETNOPEDAGOGIKADA GENDER TERBIÝESINIŇ DÄPLERI
Gender pedagogikasy milli terbiýe ýörelgelerini, ahlak gymmatlyklaryny, ahlak terbiýesini, milli mirasy, maşgala ýagdaýyny, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk, borçlulyk, wepadarlyk ýaly ulgamlary özünde jemleýär. Türkmen halky tarapyndan kabul edilen milli gymmatlyklara daýanýan, gadymdan gelýän maşgala we jemgyýetçilik gender pedagogikasynyň däpleri özboluşly häsiýete eýedir. Bu däpler halkyň mentalitetiniň (milli özboluşlylygynyň), pedagogik medeniýetiniň esasy bolup, onuň ýörelgelerini, kanunalaýyklygyny, terbiýäniň usullaryny we serişdelerini özünde jemleýär.