
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ FORTEPIANO ESERLERINIŇ ÝERINE ÝETIRILIŞ AÝRATYNLYKLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bilim, medeniýet we sungat ugurlarynda hem uly ösüşler gazanylýar. Döwlet bilim ulgamynyň bitewüligi we onuň beýleki ugurlar bilen sazlaşykly alnyp barylmagy medeniýet ulgamyndaky hünär taýýarlygynda hem pedagogikanyň “sadadan çylşyrymla tarap” diýilýän ýörelgesiniň yzygiderlilik esasyny düzýär.