
BUÝSANÇLY BAÝRAMYMYZYŇ BUŞLUKÇYLARY
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji yylyň 15-nji oktýabryndaky “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, her ýyl “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk bayramy mynasybetli şu ýyl bu bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegine aýratyn talaplary bildirip, Guramaçylyk merkezi we Eminler topary döredildi hem-de olaryň düzümi tassyklandy.