
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY - ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimzin taýsyz tagallalary netijesinde, ilatyň saglygyny we asuda, bolelin durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ençeme işler, ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, her ýylyň 1 - ЗО-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly däp bolan biraýlyk geçirilýär. Bu döwlet derejesindäki çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Şeýle çäreler toplumy ýol hereketiniň düzgünleriniň doly hem yzygiderli berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.