Halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinden  peýdalanmak

Halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinden peýdalanmak

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda özüniň esasy maksadynyň mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdigini, şu belent maksatlara ýetmegiň ýolunyň bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça 2022 - 2030-njy ýyllar aralygynda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” bilim ulgamynyň öňünde 2022 - 2030-njy ýyllarda ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak wezipesi goýuldy we 2024-nji ýyla çenli olaryň birnäçesini şeýle sanawa goşmak bellenildi.