Halkara syýahatçylygyň meseleleriniň  ekonometrik usullarda seljerilişi

Halkara syýahatçylygyň meseleleriniň ekonometrik usullarda seljerilişi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň köptaraply ösüş ugry bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda syýahatçylyk infrastrukturalary döredildi. Günbatar welaýatymyzda bolsa dünýä belli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy jahankeşdeleri özüne çekýär. Bir söz bilen aýdylanda, syýahatçylyk pudagynda döwlet tarapyndan uly maýa goýumlary özleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz bu pudagyň ýurduň ykdysady ösüşindäki paýynyň ýokarydygyny beýan etmek bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dürli syýahatçylyk desgalaryny işläp düzmegiň zerurlygyna ünsi çekýär [1]. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň syýahatçylyk pudagynyň düşewüntliligi üçin statistik, ykdysady-matematiki seljermeleriň geçirilmeginiň zerurdygyny bellemelidiris. Makalada häzirki döwürde halkara syýahatçylykda uly öňegidişliklere eýe bolan Fransiýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň ösen derejesine dürli şertleriň täsiriniň seljermesi öwrenildi.