
SAPAGY TÄZE USULLARDA GURAMAKDA INNOWASIÝA TEHNOLOGIÝALARYNYŇ ÄHMIÝETI
Giriş. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15 -nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy. - 2017. - № 8-9.). Konsepsiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, bilim ulgamyny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge we ulanyjylara ýetirmäge, sanlylaşdyrmakdan giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga borçlandyrýar.