YKDYSADYÝET DERSINI OKATMAGYŇ USULYÝET  AÝRATYNLYKLARY

YKDYSADYÝET DERSINI OKATMAGYŇ USULYÝET AÝRATYNLYKLARY

Jemgyýetiň we döwletiň ösüşini ylmy esasda alyp barmagyň zerurlygyndan ugur alnyp amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty netijesinde Türkmenistan sanlyja ýyllaryň dowamynda ykdysady taýdan kuwwatly, medeni jähetden ösen, raýat jebisligi bilen ynamly öňe barýan döwlete öwrüldi. Talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň we häzirki dünýäniň ruhy, ahlak ösüşiniň meýillerine hemde ugurlaryna laýyklykda, ykdysady düşünjelerini, garaýyşlaryny, gözýetimlerini aýdyňlaşdyrmaklaryny hem-de çuňlaşdyrmaklaryny gazanmak üçin pedagogik tejribede hrestomatik usuldan peýdalanmak zerurdyr. Hrestomatik usul, bilim maglumatlaryny böleklere bölmek bilen, aýratynlykda, soňra bolsa ulgamlaýyn häsiýetde düşündirmegi talap edýär. Bu usul ykdysadyýetiň köpugurly, köpmanyly düşünjeler ulgamyny özleşdirmäge örän amatly şertleri döredýär.