ELEKTRON TABLISADA MAGLUMATLARY IŞLEMEGI ÖWRETMEKDE  SANLY TEHNOLOGIÝALARDAN PEÝDALANMAK

ELEKTRON TABLISADA MAGLUMATLARY IŞLEMEGI ÖWRETMEKDE SANLY TEHNOLOGIÝALARDAN PEÝDALANMAK

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Döwrümiz umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna girýän dersleriň mazmunyny we olary okatmagyň usulyýetini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, okuwçylara berilýän bilimleriň we başarnyklaryň hilini hem-de netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy bilim işgärleriniň öňünde wezipe edip goýdy. Bu jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmekde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr.