GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA TÜRKMEN TARYHYNY ÖWRENMEKDE  DAŞARY ÝURTLY ALYMLARYŇ BITIREN IŞLERI

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA TÜRKMEN TARYHYNY ÖWRENMEKDE DAŞARY ÝURTLY ALYMLARYŇ BITIREN IŞLERI

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gadymy we şöhratly taryhyny hemmetaraplaýyn we dogruçyl öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu babatda türkmen taryhçylarynyň daşary ýurtly, şol sanda russiýaly alymlar bilen hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. Rus alymlarynyň alyp baran işleri barada milli Liderimiz şeýle belleýär: “W.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň Türkmenistanda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk syrlaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýak’ [14]. Türkmen halkynyň geçmişini öwrenmek we köpçülige ýaýmak ugrunda bitiren hyzmatlary üçin W.Masson, W.Sa- rianidi, W.Pilipko, N.Solowýowa, N.Dubowa ýaly meşhur arheologlar Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglaryna eýe boldular.