ÝOLAMAN NÜRYMOWYŇ SAZ DÖREDIJILIGI

ÝOLAMAN NÜRYMOWYŇ SAZ DÖREDIJILIGI

Yurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda aýdym-saz sungatynda döredijilikli işleýän adamlara uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly: “Sungat - bu adamzat üçin hökmany zerurlyk bolup durýar. Sözüň gutaran ýerinde saz peýda bolýar. Bu gymmatly hazynadyr, umumy bähbidiň hatyrasyna her millet oňa öz goşandyny goşýar. Özüniň däp bolan çuň mazmunlylygy, çeperçiligi we kämilligi bilen türkmen sazy gadymy döwürlerden bäri bellidir, ony döredijiler hem gorap saklaýjylar bolup bagşy- sazandalar çykyş edýärler” [1, 11 s.].