
TEHNIKI SERIŞDELERIŇ YGTYBARLYLYGYNYŇ MUKDAR HÄSIÝETLERINI ANALITIKI KESGITLEMEKDE MATEMATIKI USULLARYŇ ULANYLYŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim berlişiniň hil derejesini ýokarlandyrmakda we onuň halkara ülňülerine laýyk getirilmegi üçin öňde durýan wezipelere aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek üçin uly tagallalar edýär. Bu bolsa ähli dersleriň okadylyşynyň kämilleşmegine we täze dersleriň girizilmegine ýol açýar. Her bir dersiň okadylyşynyň usulyýeti şol ders boýunça okadylýan okuw sapaklarynyň netijeliligini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, dersara baglanyşygynyň saklanmagyna täsir edýän netijeli usullardan peýdalanmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmek ýerliklidir.