
TÜRKMEN BAGŞYÇYLYK SUNGATYNDA DESSANÇYLYK DÄPLERINI ÖWRETMEGIŇ USULY AÝRATYNLYKLARY
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen türkmeniň dutar ýasamak senetçiligine, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyna ýene bir gez belende galmak nesip etdi. Bu galkynyşyň netijesinde dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ägirt uly bölegi dessan aýtmak däbi bilen baglanyşyklydyr. Dessançylyk däpleri öz köküni gadymy wagtlardan alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda ussat halypalar tarapyndan timarlanan bu sungat kämillik derejesine ýetipdir. Dessan aýtmak däpleri bilen bir hatarda, bu sungaty şägirtlere öwretmegiň, şeýlelikde, nesilden-nesle geçirmegiň hem öz aýratynlyklary bardyr.