TALYP DURMUŞYNA UÝGUNLAŞMAGYŇ YGTYBARLY ÝOLLARY

TALYP DURMUŞYNA UÝGUNLAŞMAGYŇ YGTYBARLY ÝOLLARY

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösmegi we özgermegi üçin bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, berk bedenli, ruhy-ahlak taýdan sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmek esasy wezipeleriň biridir. Adamyň saglyk ýagdaýy fiziki we psihoemosional agramlara, daşky gurşawyň şertlerine bedeniň uýgunlaşma derejesine baglydyr.