
DAŞARY ÝURTLARDA WE TÜRKMENISTANDA ÝAPGYT-GÖNÜKDIRILEN WE KESE GUÝULARY BURAWLAMAGYŇ TEJRIBESINDEN
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna ykdysadyýetimiziň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hatarynda durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde uly hyzmaty ýerine ýetirýändigi göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen nebitgaz ýataklaryny tapmak, olarda burawlaýyş işlerini geçirmek meselesine uly üns berilýär. Hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri çuňlugy 7 müň 150 metre ýetýän guýyny burawladylar. Soňky ýyllarda ýüze çykarylýan nebit we gaz ýataklarynyň çylşyrymly görnüşde ýerleşmegi guýularyň dik usulda burawlanmagyna mümkinçilik bermeýär. Şeýle ýagdaýlarda guýulary ýapgyt-gönükdirilen we keseligine burawlamak tehnologiýalary ulanylýar. Bellibir meýilnama laýyklykda, guýynyň ugruny görkezilen nokada ýetirmek üçin, onuň emeli gyşardylmagy talap edilýär.