
KOMPOZITOR REJEP REJEPOWYŇ KINO SAZ DÖREDIJILIGINIŇ STIL AÝRATYNLYKLARY
Hormatly Prezidentimiz: “Ynsan ruhunyň ägirt uly güýjüni men sungatda görýärin. Sungat - älem, her bir sungat eseri älemdäki saýýaralar. Olaryň her biriniň öz tebigaty, gözýetimi, baýlygy bar. Täze sungat eseri dünýä inende, şol älemdäki saýýara syýahat edýärsiň-de, onuň bilen bir bitewüdigiňi duýýarsyň. Sungat eseriniň ýaşaýşy ruhy dünýä çaýýan nurundan duýulýar. Eseriň döreýşi hemişe syr bolup galýar” [1, 121 s.] diýip, sungat eserlerine uly baha berýär. Halypa sungat wekillerinden miras galan şol eserleri ylmy tarapdan öwrenmek geljekki ýaş alymlaryň taryhyň öňündäki uly borjudyr. Biz öz makalamyzda türkmen kino saz döredijiliginiň stil aýratynlyklary baradaky meseläni R. Rejepowyň kino saz döredijiliginiň mysalynda seljermegi makul bildik.