DEMIR ÝOL ULAGYNYŇ EKOLOGIK WE ULANYLYŞ HÄSIÝETLERINI ÝOKARLANDYRMAK

DEMIR ÝOL ULAGYNYŇ EKOLOGIK WE ULANYLYŞ HÄSIÝETLERINI ÝOKARLANDYRMAK

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiz dünýäniň iri logistik merkezleriniň birine öwrülýär. Bu bolsa ulag serişdeleriniň ulanylmagy, olaryň iň döwrebaplaryndan peýdalanmagy talap edýär. Ulag serişdeleriniň ykdysady taýdan has peýdalylarynyň biri hem demir ýol ulagydyr. Şol sebäpli hem, ýurdumyzyň demir ýol pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeler bilen berkidilýär. Önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak barada yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu bolsa demir ýol pudagynyň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmaga giň ýol açýar.