
ÝOKARY BILIM ULGAMYNDA KOMPÝUTER TEHNOLOGIÝASYNY ULANMAGYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlara dünýä ölçeglerine laýyk bilim, terbiýe bermek, giň dünýägaraýyşly, döwlet syýasatyna, jemgyýetçilik talaplaryna jogapkärli garaýan nesli ýetişdirmek bilim ulgamynyň öňünde döwrümiziň goýan talabydyr [1]. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilim ulgamyny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmakda düýpli maksatnamalara esaslanylýar. Häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy hem ahlak taýdan ösüşinde - bilim pudagynda döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we peýdalanmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär hem-de tejribesi toplanylýar. Maglumatlaşdyrmak arkaly okatmagyň we bilim bermegiň psihologik we pedagogik maksatlary durmuşa geçirilýär.