
INNOWASIÝALAR DÖREDIJILIK IŞINDE
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sanly tehnologiýalar bilen ösüşlere eýe bolýan häzirki döwründe medeniýet ulgamy hem innowasion esaslarda ösüşiň tizleşdirilen ýoluna düşdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetiniň we sungatynyň milli ýörelgelerde häzirki durmuşymyzy söz senediniň we saz owazlarynyň, şahyrana döredijiligiň, ekran hem sahna sungatynyň nusgalarynyň mysalynda wasp etmegiň we dünýä ýaýratmagyň wagtynyň gelip ýetendigine ünsümizi çekip, bizi bu ugra gönükdirýär. Halkymyz bolsa medeniýet we sungat işgärlerinden täze-täze eserlere garaşýar.