HAKYKY WATANÇYLARYŇ NESLINI TERBIÝELEMEK

HAKYKY WATANÇYLARYŇ NESLINI TERBIÝELEMEK

Häzirki döwürde Türkmenistanda sagdyn jemgyýeti ösdürmegi mundan bu ýana hem dowam etdirmegiň, kämilleşdirmegiň täze ugry kesgitlenildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň ahyrynda kabul eden “2021 – 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy” güýje girizildi. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ylym-bilim, medeniýet, bedenterbiýe we sport ulgamlary, ýerli dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary öz taýýarlan meýilnamalary esasynda ýaşlaryň arasynda syýasy-köpçülik çärelerini, işjeň maslahatlary, ylmy konferensiýalary geçirýärler. Kabul edilen Döwlet maksatnamasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň erkinligini goldaýar, durmuş-ykdysady, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny kepillendirýär. Şeýle hem ýaşlaryň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde we halkyň medeni hem-de ruhy baýlyklarynyň go-raglylygynda we artdyrylmagynda gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Ýaşlaryň ylmy-döredijilik işlerine, türkmen edebiýatynyň, sungatynyň dürdänelerini düýpli öwrenmeklerine işjeň çekilmeklerinde we täze gymmatlyklary döretmeklerinde örän amatly şertlere eýe edýär.