
BILIMDE SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ÄHMIÝETI
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman milli bilim ulgamyny döwrebap ösdürmäge döwlet derejesinde çemeleşmelidigine ünsümizi çekip, ýokary talaplary bildirýär. Bu talaplar, hususan-da, okatmagyň innowasion usullaryna geçmek, bilimiň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, dünýä tejribesinden peýdalanmak, okatmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak ýaly işlerimiziň görkezijileri bilen şertlendirilýär.