ÝAŞ NESLIŇ SAGLYGYNYŇ GORAGLYLYGY BILIM IŞINIŇ ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLMAGYNYŇ MÖHÜM ŞERTIDIR

ÝAŞ NESLIŇ SAGLYGYNYŇ GORAGLYLYGY BILIM IŞINIŇ ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLMAGYNYŇ MÖHÜM ŞERTIDIR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada köpugurly işler alnyp barylýar. Ýurt Baştutanymyzyň kabul edýän döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýaş nesli üçin - çagalara niýetlenen sagaldyş-dynç alyş, keselleri anyklaýyş we öňüni alyş, “Ene mähri” merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bular çagalaryň sagdyn ösmegi, ruhubelent kemala gelmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.