MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY WE HÄZIRKI ZAMAN KOMPÝUTERLERI

MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY WE HÄZIRKI ZAMAN KOMPÝUTERLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary bilim ulgamynda maglumat-kommunikasiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmaga bolan talap ýokarlandy we kompýuterleri okuw maksatlary üçin ulanmagyň tejribesi barha kämilleşdirilýär. Bu ulgamda ulanylýan kompýuterleriň sany çalt köpelýär we gurluşy çylşyrymlaşýar. Munuň bilen baglanyşykly mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna bolan talap hem artýar.