
UZAK ARALYKDAN BILIM BERMEGIŇ DÖWREBAP USULLARY
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde baý tejribä eýe bolan döwletleriň gazananlaryny, döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Sanly tehnologiýanyň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar. Bilim bermekde, öwretmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy ýaşlary diňe bir zähmet ýoluna taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem döredijilikli pikirlenmäge ukyply, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesli kemala getirmäge hem ýardam berýär.