HÄZIRKI ZAMAN INNOWASION RADIO ÖLÇEG TEHNOLOGIÝALARY

HÄZIRKI ZAMAN INNOWASION RADIO ÖLÇEG TEHNOLOGIÝALARY

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň, şol sanda aragatnaşyk ulgamynda gazanylanlaryň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Häzirki zaman innowasion barlag we ölçeg enjamlary signallaryň dürli parametrlerini ölçemekde, döretmekde hem-de derňemekde giň mümkinçiliklere eýedir. Ylmy makalada radioýygylyklar zolagynyň analizatorlary, signallaryň generatorlary, ossillograflar, radioelektron ulgamlaryň elektromagnit ylalaşygynyň we öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynyň ölçeg we barlag enjamlary barada maglumatlar getirilýär.