
TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA SYÝASATY ÝURDUMYZY DURMUŞ YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEGIŇ STRATEGIK UGURLARYNYŇ BIRIDIR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häzirki ösüş tapgyry hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuş-ykdysady ilerlemeleriň durnukly ulgamynyň emele getirilendigi bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady meseleler boýunça 2021-nji ýylyň 11-nji martynda geçiren iş maslahatynda ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi ýokarlandyrmak üçin kuwwatlaryň doly güýjünde peýdalanylmalydygyny, munuň üçin toplumyň düzümindäki ylmy-barlag institutlarynyň işiniň kämilleşdirilmelidigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini belledi.