ULAGLAR ULGAMY WATANYMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYDYR

ULAGLAR ULGAMY WATANYMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ulaglar ulgamy “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri ýaly iri düzümleri özüne birleşdirýär. Ulgamda şol düzümleriň herbiriniň ýerine ýetirýän wezipesi kesgitlenip, milli ykdysadyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär Döwlet Baştutanymyz ulaglarulgamynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sazlaşykly işledilişine, düýpli meseleleriň her biiiniň ygtybarly çözülişine uly ähmiýet berýär. Halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, ulag ulgamynyň düzümleriniň maddy enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar, şeýle hem bu düzümlere sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.