WIRTUAL HAKYKATY SENAGAT ELEKTRONIKASY SAPAGYNDA ULANMAGYŇ ÄHMIÝETI
Häzirki zaman tehnologiýalary senagat elektronikasy dersini, oňa degişli enjamlary öwretmegi has düşnükli we özüne çekiji etmäge ýardam berip, okuw okatmakda gitdigiçe uly orun tutýar. Şeýle tehnologiýalaryň biri hem, talyplary çylşyrymly fiziki hadysalary göz öňüne getirip, adaty şertlerde elýeterli bolmadyk tehniki tejribeleri geçirip, olarda bolup geçýän fiziki (modelirläp bolýan) hyýaly gurşawlara doly düşünmäge mümkinçilik berýän wirtual hakykatdyr (VR). Äýnekler, kontrollerler, kuwwatly kompýuterler VR-iň mysallary bolup bilerler. VR-iň ulanylmagy ýarym geçirijili elektronika, analog we sanly elektronika, optika we kwant elektronikasyna degişli temalary öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar, emma köp sanly artykmaçlyklaryna garamazdan, bu tehnologiýanyň tehniki, maliýe we fiziologik sebäpler bilen baglanyşykly çäklendirmeleri bar.