TEHNIKI UGURLY ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMÄGE TÄZEÇE ÇEMELEŞMELER
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän döwrebap ýaşlary kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze, döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň jaýlary yzygiderli gurulýar we öňden bar bolan abadanlaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda okuw-usulyýet ta-laplaryna bolan üns has güýçlendirilýär.