INŽENERÇILIK GURLUŞLARYŇ HASAPLARYNY ÝERINE ÝETIRMEKDE AutoCAD PROGRAMMASY

INŽENERÇILIK GURLUŞLARYŇ HASAPLARYNY ÝERINE ÝETIRMEKDE AutoCAD PROGRAMMASY

Programmalar arkaly amal edilýän işler oňat netije berýär. XXI asyr ylym we maglumatlar asyrydyr. Täze tehnologik taslamalar we inžener konstruktorçylyk işler ýörite programmalar arkaly amala aşyrylýar. Häzirki döwürde AutoCAD programmasy giňden ýaýrandyr. Bu programmanyň ilkibaşdaky görnüşi MS DOS operasion ulgamy üçin goýberilipdir. Şol wagtdan bäri hem bu programma, yzygiderli kämilleşmek bilen, ulanyjylaryň, ýagny konstruktorlaryň, taslaýjylaryň, dizaýnerleriň, talyplaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.