DAŞARY ÝURT DILINI ÖWRETMEKDE KEŞPLI OÝUNLARYŇ ÄHMIÝETI

DAŞARY ÝURT DILINI ÖWRETMEKDE KEŞPLI OÝUNLARYŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talabyna laýyk getirmek babatda taýsyz tagallalary edýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda”: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklaryň çuňlaşmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär” diýlip bellenilýär [1]. Okuw işinde dürli usullary ulanmak öwredilýän didaktik materiallaryň bilim bermekde ähmiýetli ornuny ýüze çykarýar. Şeýle usullaryň biri hem, sapakda öwrediji we keşpli oýunlardan peýdalanmakdyr. Köp wagtdan bäri, oýun çylşyrymly we möhüm durmuş hadysasy bolup, ol işiň aýratyn görnüşi hökmünde alymlaryň we tejribeçileriň – filosoflaryň, etnograflaryň, lukmanlaryň, psiholoklaryň hem-de mugallymlar köpçüliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Oýnuň gelip çykyşy, onuň talybyň durmuşynda eýeleýän orny babatda ençeme nazary garaýyşlar bize mälimdir. Olara mysal hökmünde S.L.Rubinşteýniň, L.S.Wygotskiniň, D.B.Elkoniniň, türkmen alymlary E.A.Atdaýewiň, A.Ö.Seýidowanyň işlerini görkezip bolar [2].