TÜRKMENISTANYŇ BILIM ULGAMYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda alyp barýan bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşdirilmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmegine we ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerine gönükdirilip, ol döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýatly, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine bilimi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hök münde uly üns berilýär.