
TEJRIBÄNI BAÝLAŞDYRMAGYŇ ILKINJI DÖWREBAP ÄDIMLERI
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň bazar ykdysady gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda döwrebap derejede ösdürilmegi ýaş hünärmenler üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ösen sanly tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy täze hünärleriň döredilmegini şertlendirýär. Edaralar, kärhanalar, hususy öndürijiler we beýleki iş berijiler öz işine ussat hünärmenlere uly isleg bildirýärler. Has takygy, iş berijiler ökde, döwrebap hünärmenleriň gözleginde bolup, işgärler düzümini kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli tagallalary edýärler. Şeýlelikde, iş berijileriň bu ugurda gazanýan üstünlikleri edaralaryň, kärhanalaryň işgärler düzüminiň ussat hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, dünýä döwletleri okuwlaryň üsti bilen zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, hünärli etmek, iş ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça dürli maksatnamalary kabul edýärler.