HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY:Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY:Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy

Halkara bilim bazarlaryny nazarlaýan ähli ýokary okuw mekdepler üçin iki sany baglanyşykly maksat möhüm ähmiýete eýedir. Birinji maksat, mümkinçilikleriartdyrmak we global gurşawda netijeliligi üpjün etmek. Ikinji maksat, global akymlaryň hem-de baglanyşyklaryň milli we ýerli şertlerde artykmaçlyklaryny optimallaşdyrmakdyr. Bu özara baglanyşykly maksatlara üstünlikli ýetmek dünýä bazarynyň şertlerine we milli edaranyň ornuna düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaýda uniwersitetiň ösüş strategiýasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek zerurdyr. Üstünlik, şeýle hem milli ulgamlaryň transmilli akymlary, halkara baglanyşyklar, özara gatnaşyklar hyzmatdaşlyk şertlerinde işlemek ukybyna, çeşmelerine we mümkinçiliklerine baglydyr.