
KÖRPELERDE MILLI DUÝGULARY KEMALA GETIRMEK MÖHÜM WEZIPEDIR
Türkmen halkynyň bilim, edep-terbiýe bermekdäki ýörelgeleri, maşgala we jemgyýetçilik däpleri, urp-adatlary, pähim-paýhasy, ahlak garaýyşlary çaganyň akyl-düşünjesine siňip, kem-kemden özüni gurşap alan barlyga, daşky gurşawa, ýakynlaryna bolan duýgy-düşünjesini, olar baradaky pikirlenmesini ösdürýär. Milli duýgular, ony kemala getirmegiň, ösdürmegiň iki ýoly tejribeden geçendir we pedagogik ulgam üçin ulanarlyklydyr.