GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BITARAPLYK TAGLYMATYNY ÖWRENMEGIŇ YLMY-USULYÝET MESELELERI

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BITARAPLYK TAGLYMATYNY ÖWRENMEGIŇ YLMY-USULYÝET MESELELERI

Her bir ýyly şanly wakalara we üstünliklere beslenýän Watanymyzyň häzirki zaman taryhynda 2025-nji ýyla aýratyn orun degişlidir. Bu ýyl Türkmenistan döwletiniň hemişelik, oňyn Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylydyr. Şunça wagtyň içinde Türkmenistan öz hemişelik, oňyn Bitaraplygynyň dünýä derejesinde üç gezek ykrar edilmegini gazandy. Bu ykrar edilmeler şol bir zadyň birnäçe gezek gaýtalanmasy däl-de, türkmen halkynyň dünýä we adamzada hödürlän ýaşaýyş filosofiýasynyň täze jähetleriniň açylmagydyr we ykrar edilmegidir. Adamzadyň taryhynda ýönekeý we aladasyz döwürler bolmaýar. Taryhy ýaşaýyş hemişe çylşyrymlydyr. Her bir döwrüň öz çylşyrymlylygy bar. XX asyryň soňky onýyllygynda yglan edilen we birnäçe gezek gaýtadan nygtalan hem tekrar edilen Türkmenistanyň döwlet Bitaraplygy döwrümiziň dünýä syýasatyndaky müşgilliklerden oňyn çykalgany alamatlandyrýar. Ol, ilki bilen, adamzat derejesindäki täze syýasy ýörelge hökmünde döredi we kemala geldi. Bu günki gün türkmen Bitaraplygy täze bir syýasy filosofiýa we halklardyr milletler üçin oňyn manyly hem ähmiýetli täze ýaşaýyş filosofiýasydyr. Ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamy üçin, ýaş nesilleriň syýasy gözýetiminiň terbiýesi üçin möhüm dünýägaraýyş we aň-düşünje ähmiýetli birinji jähet – hemişelik, oňyn Bitaraplygymyzyň taryhy jähetidir. Milli taryhy tejribäniň milli döwletiň daşary syýasy ýörelgeleriniň ulgamy hökmünde kesgitlenilmegi türkmen Bitaraplygyny kökleri gaty berk hem-de juda çuň bir daragt hökmünde göz öňüne getirmäge esas berýän syýasy we düşünje hakykatydyr. “Kökler berk boldugyça, pudak ondan tapar hemaýat” diýip, beýik Saadynyň tassyklaýşy ýaly, çuň hem janly kökler pudaklara ýaşaýyş we ösüş güýjüni berýär. Şeýle berdaşly we kuwwatly pudaklar bolsa, beýik Pyragynyň guwançly nygtaýşy ýaly, gül hem semer – miwe eçilýär. Syýasy filosofiýanyň we ideologiýanyň hoşboý gülleri we dünýä syýasy durmuşynyň datly miweleri külli adamzadyň baýlygydyr. Bu miweli hem gülli ýaşaýyş daragtynyň kökleri bolsa türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýaşaýşynyň çeşmesinden suw içýändir. Oňyn Bitaraplyk taglymatynyň möhüm usulyýet jähetiniň biri-de, biziň pikirimizçe, Gahryman Arkadagymyzyň bu syýasy filosofiýasynyň milli taryhy köklerine düşünmekden we olary anyk görkezmekden ybaratdyr.