
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATY
Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak taýdan ösüşiniň dowamynda ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ýokary üstünliklere eýe bolmak bilen, demokratik esasly düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Şeýle özgertmelere laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň kanunçylygyny berkitmekde we işjeňligini gazanmakda partiýalaryň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, halk köpçüliginiň pikirine daýanylýandygyny bellemekçidiris.