
BITARAPLYK ÝYLLARYNDA LUKMANÇYLYK BILIMINDE WE YLMYNDA ÝETILEN SEPGITLER
Häzirki döwürde uniwersitetimizde okuw kitaplaryny ösen halkara tejribelerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek ugrunda talyplaryň okadylýan dersler boýunça okuw kitaplary, okuw gollanmalary bilen elýeterüpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli taglymatlaryny öz içine alýan, adamyň intellektual dünýägaraýşyny ösdürýän gymmatly nusgalyk kitaplarynyň esaslary talyplar üçin ýazylýan okuw kitaplaryna, okuw gollanmalaryna girizilýär. Mekdebimizde kitaplaryň neşir görnüşi bilen bilelikde, olaryň elektron görnüşlerini özünde jemleýän elektron kitaphanalar ulgamy hem hereket edýär. Kitaphanada professor-mugallymlaryň ýazan golýazmalarynyň, okuw kitaplarynyň elektron görnüşi bolup, her bir okyjy üçin bar bolan edebiýatlaryň elektron görnüşini ulanmaga mümkinçilikler bar. Elektron katalogyň kömegi bilen her bir okyja kitaplar, makalalar, döwürleýin neşirler barada gerekli maglumatlary almaga mümkinçilik döredilen. Lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bitewi bilim tory arkaly beýleki ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphanalaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri bar. Bu mesele bilen bagly talyplar we professor-mugallymlarymyz üçin lukmançylygyň dürli ugurlaryna degişli bolan daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň kitaphanalaryndan gerekli bolan maglumatlary talapnama esasynda ýüz tutup, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň üsti bilen Halkara kitaphanalar abonenti boýunça kanagatlandyryp bolýar. Aýdylanlardan başga-da, talyplar kitaphanasynyň kitaplar gaznasynyň üsti Russiýa Federasiýasynyň “GEOTAR-Media” we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Сengage” neşirýat gullugy tarapyndan lukmançylygyň dürli ugurlaryna degişli yzygiderli çap edilýän okuw kitaplary we beýleki neşir önümleri bilen ýetirilýär.