ETNOPEDAGOGIKANYŇ ESTETIKI TERBIÝE ÝÖRELGELERI

ETNOPEDAGOGIKANYŇ ESTETIKI TERBIÝE ÝÖRELGELERI

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde häzirki zaman mugallymlarynyň öňünde geçmiş taryhyna belent söýgüsi bolan, milli häsiýetiniň aýratynlygyny (mentaliteti) bilýän, oňa hormatdyr buýsanç bilen garaýan ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek wezipesini goýdy. Şunda terbiýäniň esasy ugurlaryndan biri etnopedagogikanyň estetiki terbiýe ýörelgelerine eýermekdir. Bu wezipäni amala aşyrmakda mugallymlara goldaw bolar diýen maksat bilen, şu makalamyzda türkmen milli lybaslary, şaý-sepleri barada gürrüň etmegi ýerlikli hasapladyk.