
DÜNÝÄ BELLI MATEMATIK HAKYNDA
Abu Muhammet al-Horezminiň ady dünýä belli alymlaryň sanawynda ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Alymyň doly ady Muhammet ibn Musa al-Horezmi bolup, ol Musa ibn Şäkir Horezminiň ogludyr. Ol matematika, astronomiýa, geografiýa, filosofiýa, dil, edebiýat ylymlaryndan baş çykarypdyr. Alym Orta Aziýada ylmy pikiriň başyny başlaýjy hasaplanýar we matematika ylmyny esaslandyryjy hökmünde tanalýar. Al-Horezminiň ady “algebranyň atasy” diýlip tutulýar. Alymyň ylmy kitaplaryndan biri “El-mahrutat” atly işidir. Onuň matematika boýunça hasaplamalarynyň amaly ähmiýeti örän uly bolup, ol öz döwründe uly abraýdan peýdalanypdyr, ylmy barlaglary bolsa jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyrmaga hyzmat edipdir.