ASYRLARDAN ÝAGTY SAÇÝAN YLYM ÇYRAGY

ASYRLARDAN ÝAGTY SAÇÝAN YLYM ÇYRAGY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen ylmy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýar. Ösüşe ýardam berýän ähli ylmy ugurlary bir maksada gönükdirmegiň, ylmy taslamalary işläp düzmegiň, durmuşa ornaşdyrmagyň utgaşykly we sazlaşykly ýoluny saýlap almak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny täzeden dikeltdi. 12-nji iýun, alym Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, “Ylymlar güni” diýlip yglan edildi.