MAHMYT KAŞGARY BARADA BILÝÄRSIŇIZMI?

MAHMYT KAŞGARY BARADA BILÝÄRSIŇIZMI?

Mugallymçylyk ugurly dürli okuw mekdeplerini tamamlanlaryň bu alymyň adyny eşitmedikleri az-azdyr. Hususan-da, başlangyç synp mugallymlary üçin alym hakyndaky maglumatlar has-da gyzykly bolar, çünki ýokary okuw mekdepleriniň ýöriteleşdirilen ugurlarynda Mahmyt Kaşgary bilen baglanyşykly maglumatlar öwrenilýär, orta hünär bilim derejesindäki okuw kitaplarynda we okuw gollanmalarynda bu alymyň ady seýrek duş gelýär. Milli mirasymyzyň ägirtleriniň ömrüni, döredijiligini öwrenmek we olar baradaky gyzykly maglumatlary wagyz etmek, geljekki nesillere ýetirmek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr.