SINGAPURYŇ BILIM ULGAMY: OKATMAGYŇ USULYÝETINI KÄMILLEŞDIRMEKDE ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER

SINGAPURYŇ BILIM ULGAMY: OKATMAGYŇ USULYÝETINI KÄMILLEŞDIRMEKDE ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Singapur döwletinde iş saparynda boldy. Iş saparynyň çäginde Singapur döwletiniň bilim ulgamy we dünýäde inženerçilik ylymlaryny ýokarlandyrmak maksatly CDIO maksatnamasy boýunça geçirilen maslahata gatnaşyldy. Bu ýurduň bilim ulgamy akademiki (okuw) berkligi we innowasiýalara esaslanýandygy bilen, dünýäde iň täsirli ulgam hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti CDIO başlangyjy guramasyna Merkezi Aziýada ilkinji bolup agzalyga kabul edildi. CDIO (Conceive Design Implement Operate) iňlis dilinden türkmen diline terjime edilende, “Pikirlenmek – taslamak – öndürmek – dolandyrmak” diýen manyny berýär. CDIO önümçiligiň bilim çarçuwasy hökmünde bu ulgamy ösdürmek, taslamak, durmuşa geçirmek we işletmek nukdaýnazaryndan inžener bilimini standartlaşdyrmak maksatly döredilen guramadyr.