
“ALTYN ASYR” TÜRKMEN KÖLÜNIŇ ŞOR-ZEÝ SUWLARYNYŇ TOPLUMLAÝYN ULANYLYŞY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin iňňän uly ähmiýeti bolan “Altyn asyr” Türkmen kölümiz hem beýik işlerimiziň ajaýyp miwesidir, milletimiziň buýsanjydyr” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi. – Aşgabat: TDNG, 2015. 32 s.) diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň bu görkezmesini ýerine ýetirmekde möhüm işleriň biri “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek hem ony talabalaýyk ulanmakdyr.