
OBA HOJALYK GALYNDYLARYNDAN BIOGAZ ÖNDÜRMEGIŇ KÄMILLEŞDIRILEN TEHNOLOGIÝASY
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde elektrik energetika pudagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn esaslarynyň biri bolup, ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň hem hereket etmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň energetika ulgamy uly artykmaçlyga eýe bolmak bilen, häzirki wagtda diňe bir içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrman, eýsem şertnamalaýyn esasda bellenilen tertipde goňşy döwletlere hem elektrik energiýasyny iberýär. Munuň şeýle bolmagynda galyndysyz işleýän tehnologiýalaryň uly ähmiýeti bardyr.