DIALOG SÖZLEÝŞINI ÖSDÜRMEGIŇ LINGWODIDAKTIK AÝRATYNLYKLARY

DIALOG SÖZLEÝŞINI ÖSDÜRMEGIŇ LINGWODIDAKTIK AÝRATYNLYKLARY

Dialog birligi dialogyň has iri many-düzüm birligi bolup çykyş edýär. Ol öz aralarynda many we düzümi boýunça berk baglanyşykly iki, seýrek ýagdaýda, üç ýa-da dört sözlemden durýar. Şonda birinji sözlemiň mazmuny we şekili ikinji sözlemiň mazmunyny we şekilini kesgitleýär we ş.m. (Нужа И.В. Традицонные и инновационные методики обучения иностранным языкам. Применение инновационных методов обучения иносранным языкам в школе: учебно-методическое пособие. – Орск: Издательство ОГТИ, 2009. 8-25 с.). Şonuň üçin dialog öwredilende, sözleýşiň birligi hem aýratyn jümle bolman, eýsem, dialog birligi bolmalydyr. Käbir mugallymlar dialogy soraglar we jogaplar diýip ýalňyş düşündirýärler. Hakykatda, ol hemişe beýle däldir. Dialogy diňe sorag-jogap gönükmeleriniň kömegi bilen öwretjek bolmak ýeterlik däldir.