
HÜNÄR KÄMILLEŞDIRIŞ OKUWLARY – BILIM ULGAMYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI
Ýurdumyzda kabul edilen kadalara görä, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklary zerurdyr we olar bu işe amal etmäge borçludyrlar. Şu maksat bilen, mekdebiň müdiri mugallymlar üçin zerur şertleri döretmelidir. Mugallymlaryň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmaklary üçin ýurdumyzyň belli ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlary kämilleşdiriş fakultetleri işleýär. Olarda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alym-hünärmenleri, Bilim ministrliginiň jogapkär işgärleri ýörite sapaklary guraýarlar. Mundan başga-da, Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde okuwlar guralýar. Şol okuwlaryň mazmunynda, esasan, şu meselelere garalýar: