ATGULAGYŇ DERMANLYK ÇIG MALYNYŇ HIMIKI DÜZÜM AÝRATYNLYKLARY

ATGULAGYŇ DERMANLYK ÇIG MALYNYŇ HIMIKI DÜZÜM AÝRATYNLYKLARY

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Keremli türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Şol ösümlikleriň biri hem atgulakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda atgulagyň dermanlyk häsiýetleri barada gyzykly maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Atgulak ir döwürlerden bäri Gadymy Hytaýda, Rimde we Gresiýada melhem hökmünde giňden ulanylypdyr. Gündogaryň lukmanlary hem bu otuň täsin aýratynlyklary barada öz işlerinde ýazypdyrlar. Uzak demirgazyk ýurtlaryndan başga ähli ýerde bitýän atgulagyň dünýä ýüzünde birnäçe görnüşi bar. Atgulagyň latynça ady “nal”we “hereket” sözlerinden emele gelip, ony aýak yzyna meňzedipdirler. Amerikan indeýleri bu oty “Ak adamyň aýak yzy” diýip atlandyrypdyrlar [1]. Atgulak – köpýyllyk haşal we dermanlyk otjumak ösümlik bolup, onuň Türkmenistanda 10 görnüşi gabat gelýär. Biziň ýurdumyzda bu dermanlyk ösümligiň, esasan, uly ýaprakly (plantago major) – köpýyllyk, büreli atgulak (plantago squalida) – birýyllyk, süýri ýaprakly (plantago lanсeolata) – köpýyllyk we ýumurtga görnüşli (plantago ovata) – birýyllyk otjumak görnüşleri giňden ýaýrandyr we Diýarymyzyň ähli etraplarynda diýen ýaly duş gelýär. Bular, köplenç, düzlüklerde, daglaryň çygly ýerlerinde, derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda, ekerançylyk meýdanlarynda we ýollaryň gyralarynda ösýärler. Dermanlyk ösümligiň himiki düzüminiň peýdaly maddalara şeýle baý we tebigy gorlarynyň elýeterli bolmagy onuň ir zamanlardan bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylmagynyň esasy sebäpleriniň biridir [1]. Ösümligiň ýapraklary, şiresi, oty, köki, tohumy dermanlyk çig mal hökmünde hyzmat edýär we olar ösümligiň gülleýän wagtlarynda (maý – awgust aýlarynda) ýygnalyp, adaty usulda guradylýar. Ýapraklary we şiresi ýörite gaplanan görnüşinde halk köpçüligine ýetirilýär. Otundan “plantaglýusid” dermanyny öndürmekde, kökünden we tohumyndan taýýarlanýan peti we jöwheri bolsa halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Bu derman serişdesi aşgazan we 12 barmak içegedäki ýiti hemde dowamly gastriti bejermekde, şeýlede, agyry aýryjy serişde hökmünde ulanylýar [2]. Atgulagyň himiki düzüminde dürli görnüşli kesel dörediji patogen mikroorganizmlere garşy bakteriostatik, sowuklamanyň garşysyna, kontraseptiw we ýara bitiriji, agyry aýryjy, gakylyk goparyjy, spazmlary (spazmolitik) gowşadyjy we gany lagtalandyryjy ýaly birnäçe peýdaly maddalar saklanýar [1]. Atgulagyň gülleýän wagtyndan ýapragynyň saralyp başlaýan wagtyna çenli, onuň ýapragyndan dermanlyk çig mal alynýar we ondan gaýnatmalar, demlemeler, siroplar we mazlar taýýarlanylýar. Ösümligiň ýapragynda lukmançylykda giňden ulanylýan glikozid aukubiniň, iridoidler, uglewodlar, nemler, K1 witamini, gidroksibenzoý, salisiliň bolmagy onuň patogen mikroblara, wiruslara, sowuklama, spazma garşy häsiýetlerini ýüze çykarýar we onuň bakteriologik aşgazaniçege kesellerinde ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Ösümlik ýapragyny turşulygyň ýokarlanmagyndan dörän aşgazan içege kesellerinde (giperasid gastritde) we ganyň lagtalanmasy ýokary bolanda ulanmak bolmaýar [2; 6]. Dermanlyk ösümligine halk içinde “ýaradert” diýip atlandyrylmagynyň sebäbi hem ösümligiň ýara bitiriji häsiýetiniň bolmagydyr. Ösümligiň ýapraklaryndan taýýarlanan ýapgy ýaralary hatda iriňli ýaralary bejermekde, esasan hem, furunkulýoz iriňli deri keselinde, ýanyklarda döreýän ýaralary çalt bitirmekde we derini tämizleýji hökmünde ýüzi arassalamakda giňden peýdalanylýar. Deri kesellerinde ýapgynyň taýýarlanylyşy: dermanlyk ösümligiň ýapraklarynyň 100 gramyny 1 litr arassa suwda 5 – 10 minutyň dowamynda pes otda gaýnatmaly we biraz sowadylan mylaýym suwy bilen ýarany ýuwup, soňra ýapraklaryny ýaranyň üstüne ýapgy etmeli [1; 2; 5]. Biziň şu işimizde dermanlyk ösümligi bolan uly ýaprakly atgulagyň keselleri bejermekdäki ähmiýetiniň haýsy himiki düzümiň esasynda ýüze çykarýandygyny anyklamak maksady bilen, “Türkmengeologiýa” DKnyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda atgulagyň gury maddasynyň himiki we spektral barlagy geçirildi. Barlagyň netijesinde onuň peýdaly himiki maddalara, mikroelementlere baýdygy ylmy taýdan kesgitlendi.