EDEBIÝAT SAPAGYNDA OKUWÇYLARA TUÝUGLARY ÖWRETMEK

EDEBIÝAT SAPAGYNDA OKUWÇYLARA TUÝUGLARY ÖWRETMEK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler dünýä tejribesine we ylmyň täze gazananlaryna esaslanýar. Häzirki döwürde çeper eserlerimizi içgin öwrenmek hem-de ony umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylaryna öwretmek döwrümiziň esasy talaplarynyň birine öwrüldi. Şeýle wezipeler göz öňünde tutulyp, umumybilim berýän mekdeplerde türkmen edebiýatyny öwretmek işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen ýaşlarynyň akyl-paýhasly, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli kemala gelmeginde çeper edebiýatyň, halk döredijilik eserleriniň orny uludyr.